Arhiw

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda telekeçileriň sany 8,5 göterim artdy

18:3007.06.2021
0
5705

«2021-nji ýylyň birinji ýarymynda telekeçilik işi bilen meşgullanýan we Türkmenistanyň salgyt gulluklarynda hasaba alnan fiziki şahslaryň sany 8,5 göterim artdy. Ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatlary muny subut edýär» diýip, TSTB-niň resmi saýty habar berýär.

2020-nji ýylyň ahyrynda 57 müň 422 bolup, 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli bu görkeziji 62 müň 332-e ýetdi.

Telekeçiler hökmünde hasaba alnan fiziki şahslaryň sanynyň artmagy, ilatyň abadançylygynyň ýokarlanandygyny we ýurtda täze işewürlik mümkinçilikleriniň döreýändigini görkezýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçileri hasaba almak we işlerine ygtyýarnama bermek resmiliklerini ýönekeýleşdirmek üçin işler alnyp barylýar.

Iş gurşawyny gowulandyrmak we adamlaryň ünsüni hususy pudagyň mümkinçiliklerine çekmek, döwletiň esasy meseleleriniň wezipelerine girýär we milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine, onuň innowasiýa ösüşine goşant goşýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýuridiki şahs bolmazdan telekeçilik etmek üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Işiň bu görnüşi, hususyýetçileriň diňe özleri üçin işleýän we köplenç goşmaça işgär almazdan oňýan kiçi telekeçilige degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň