Soňky habarlar

Arhiw

«Google Suratlardan» çäksiz ýer almagyň ýoly tapyldy

18:3503.06.2021
0
6284

Ýakynda «Google Suratlaryň» şu ýylyň 1-nji iýunyndan çäksiz möçberde ammar almak mümkinçiligini çäklendirjekdigini habar beripdik. Täze girizilen çäklendirmä görä, mundan beýläk her bir ulanyja diňe 15 gigabaýt ýer mugt berler. Ol galan ýeri tölegli almaly bolar.

Ýöne, ynha, «Androi Police» web saýty «Google Suratlardan» ýene-de çäklendirilmedik möçberde mugt ýer almagyň ýoluny salgy berdi. Munuň üçin çäklendirmäniň täsirinden daşda galyp bilýän köne «Google Pixel» smartfonlary gerek. Soňky ädim smartfonlaryň arasynda maglumatlary sinhronlamaga mümkinçilik berýän «Resilio Syn» ykjam goşundyny göçürip almaly.

Programmany esasy smartfonda işe girizeniňizden we suratlar bilen bukja baglananyňyzdan soň, «Pixel» smartfonynda «Resilio Sync»-i açmaly we esasy smartfonda işleýän programmada QR koduny skanirlemeli. Bu amaldan soň, «Google Pixel» esasy smartfonyňyzdan suratlary we wideolary göçürip alar we «Google Suratlara» ýüklär diýip «ixbt.com» habar berýär.

«Google»-yň bu «gowşaklygy» nädip düzedip biljekdigi belli däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň