Soňky habarlar

Arhiw

«Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümleri sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özünde jemleýär

00:0031.05.2021
0
4807
«Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümleri sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özünde jemleýär

30 ― 31-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän ýurdumyzyň söwda toplumynyň gazananlarynyň sergisine Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän hususy kärhana hem gatnaşýar.

Kärhananyň sergide guralan diwarlyklarynda hünärmenler bu ýerde öndürilýän dürli görnüşli ― erkeklere, zenanlara, çagalara we ýetginjeklere, şeýle hem lukmançylyk edaralarynyň işgärlerine niýetlenilen döwrebap hem ýokary hilli aýakgap önümleri bilen tanyşdyrdylar. Aýakgaplaryň dürli görnüşleriniň arasynda sport aýakgaplary, hojalykda ulanylýan suw ädikleri, gyş üçin niýetlenilen içi sütükli ädikler we beýlekiler bar. Şeýle hem hünärmenler sergini synlamaga gelen myhmanlara bu hususy kärhananyň önümçilik kuwwaty, tehniki we tehnologiki binýady, iş aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.

Bellenilişi ýaly, 2015-nji ýylda döredilen «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän hususy kärhanada bir ýylda aýakgaplaryň 20,5 million jübtüni öndürmäge mümkinçilik bar. Kärhana döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerdäki iş enjamlary hünärmenler tarapyndan awtomatik usulda dolandyrylýar. Bu bolsa önümçilik işiniň çalt hem bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýär. Aýakgap önümlerini nagyşlamakda we bezemekde lazer şöhleli enjamlaryň hyzmatyndan peýdalanylýar.

«Gerçek» haryt nyşanly döwrebap aýakgaplaryny öndürmekde dürli çig mal serişdeleri ulanylyp, taýýar aýakgap önümleri ýerli we daşary ýurtly ilatyň ýokary islegini gazanýar. Häzirki wagtda bu hususy kärhanasynyň aýakgap önümleri Owganystan we Gyrgyzystan döwletlerine eksport edilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň