Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: Selim Nurmyradowyň topary sebitleýin ýarym finala çykdy

09:4928.05.2021
0
5394

Türkmenistanly hüjümçi Selim Nurmyradowyň wekilçilik edýän «Al-Ahed» futbol topary (Liwan) AFK-nyň kubogynyň sebitleýin ýarym finalyna çykdy. Yklym ýaryşynyň «A» toparçasynda çykyş eden «Al-Ahed» toparçadaky ikinji duşuşygynda Bahreýniň «Al-Hiddini» 2:1 hasabynda ýeňip, toparçada birinji orny eýeledi. Ilkinji duşuşygynda Siriýanyň «Al-Wahdasy» bilen 0:0 hasabyndaky deňme-deňlik bilen oýnan «Al-Ahed», şeýlelikde, 4 utuk bilen toparçada birinji orny eýeledi.

Ikinji duşuşykda «Al-Ahediň» pökgülerini Mohammed Al-Wakid (36’) bilen Nur Mansur (88’) geçirdi. «Al-Hiddiň» pökgüsini 85-nji minutda Abdulla Ýaser geçirdi. Selim Nurmyradow duşuşyga ätiýaçdaky oýunçylaryň hataryndan başlady we 60-njy minutda ýarym goragçy Amro Jenýatyň ornuna oýna girdi.

Sebitleýin ýarym final duşuşyklarynyň ilkinjisi 13-nji ýa 14-nji, jogap duşuşyklary bolsa 27-nji ýa 28-nji sentýabrda geçiriler. Ýaryşyň Günbatar Aziýa sebitiniň beýleki ýarym finalynda Iordaniýanyň «Al-Salty» bilen Kuweýtiň «Al-Kuweýti» güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň