Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Kümmetkowus şäheriniň girelgesindäki meýdançada türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy – diýip, Mehr habarlar gullugy habar berýär.
Ýadygärligi döretmek üçin serişdeler şäher häkimligi tarapyndan bölünip berildi.
Häzirki wagtda Russiýada, Türkiýede, Özbegistanda, Ukrainada we beýleki ýurtlarda türkmen şahyrynyň ýadygärlikleri bar.