Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergi öz işine başlady

10:4924.05.2021
0
12742

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylan “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara köpugurly sergi öz işine başlady.

Her ýyl geçirilýän bu sergi paýtagtymyzyň, şeýle hem tutuş ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ösüşiniň ileri tutulýan möhüm wezipelerini netijeli çözmekde ähmiýetli orun eýeleýär, şäherleriň we sebitleriň durmuş üpjünçiliginiň netijeli guralmagyna gönükdirilen dünýä tejribesi hem-de täze tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda bu sergi türkmenistanlylaryň gün-günden gözelleşýän paýtagtymyza ýokary buýsanç we ählumumy watançylyk duýgularynyň belentligini açyp görkezýär. Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat täze taryhy döwrüň belent döredijilik ylhamynyň çeşmesidir. Paýtagtymyz Watanymyzyň ajaýyp şu gününiň hem-de nurana geljeginiň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň ýeten sepgitlerini, geljekki ösüş meýilnamalaryny açyp görkezýän giň gerimli serginiň meýdançalarynyň birinde şähergurluşyk, dolandyryş ulgamlary, inžener-üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk, senagat we durmuş düzümleri, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, enjamlar we jemagat tehnikasy, ekologiýa, abadançylyk ýaly ýörite bölümler görkezilýär.

Sergä kärhanalaryň we beýleki düzümleriň 90-dan gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu foruma ýokary gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabat okgunly ösýän häzirki zaman şäheriniň täsin nusgasydyr, bu ýerde gözellik bilen amatlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inžener-tehniki çözgütler we gadymdan gelýän milli binagärlik ýörelgeleri, şeýle hem türkmen halkynyň özboluşly durmuş ýörelgeleri sazlaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň