ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

23:3522.05.2021
0
8850

Şu gün, 22-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda medeni-ynsanperwer ugurly özara hereketleri giňeltmegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Hususan-da, mejlisiň barşynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2021-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasyna laýyklykda, ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan çärelere seredilip geçildi.

Türkmenistanyň köp sanly taryhy we medeni ýadygärliklerini hem-de senetlerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça alnyp barylýan hereketleri işjeňleşdirmegiň meselelerine jikme-jik garaldy. Şol sanda, ýurduň ähmiýetli tebigy desgalarynyň hem geljekde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň derwaýyslygyna seredildi.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hem-de ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň käbirlerini ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginine aýratyn ähmiýet berildi.

Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça girizmek babatynda alnyp barylýan işler barada hasabat diňlenildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň depginine hem seredilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň