AFK-nyň kubogy ― 2021: «Altyn asyr» ilkinji duşuşygynda utuk ýitirdi

23:0614.05.2021
1
7276

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň kubogy ― 2021-däki ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň «Hujandy» bilen deňme-deň oýnady. Duşenbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçirilen duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşykda hasaby ilkinji bolup, «Altyn asyr» açdy. 15-nji minutda Mihail Titowyň özüne geçiren pökgüsini derwezä dürs gönükdiren Altymyrat Annadurdyýew «aragatnaşykçylary» öňe çykardy. Ýöne biziň toparymyzyň şatlygy uzak dowam etmedi. 18-nji minutdaky dartgynly oýun pursatyndan soňra emin çep gyragy goragçymyz Berdimyrat Rejebowa gyzyl kart görkezip, oýundan çykardy. Oýun taktikasyny üýtgetmeli bolan Ýazguly Hojageldiýew şondan 4 minut soňra ýarym goragçy Begenç Akmämmedowy oýundan çykaryp, onuň ýerine goragçy Röwşengeldi Halmämmedowy oýna goýberdi.

Ýöne bu oýunçy çalşygy hem «Altyn asyry» hala edip bilmedi. 25-nji minutda «Hujandyň» russiýaly hümüçisi Artýom Serdýuk pökgini Döwletýar Berdiýewiň goraýan derwezesine dürs geçirdi we «Hujand» hasaby deňledi.

28-nji minutdaky dartgynly pursatda emin ýene bir goragçymyz Mekan Saparowa sary duýduryş kartyny görkezdi.

Bir oýunçynyň azlygy biziň toparymyza 41-nji minutda bildirdi. Şol minutda «Hujand» hüjümçi Dilşod Bozorowyň geçiren pöküsi bilen 2:1 hasabynda öňe çykdy. Ruhdan düşmedik ildeşlerimiz bary-ýogy 3 minut soňra ýene-de Altymyrat Annadurdyýew bilen hasaby deňlediler. Bu gezek gol pasyny Wezirgeldi Ylýasow geçirdi.

Emin ýer eýeleriniň wekiline ilkinji sary kartyny 45+1-nji minutda görkezdi. Onuň bu gezekki «serpaýy» ýarym goragçy Abdulmumin Zabirowa nesip etdi.

Duşuşygyň birinji ýarymy 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

57-nji we 58-nji minutlarda «Altyn asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ýene iki oýunçyny çalyşdy. Bu gezek goragçy Gurbangeldi Batyrowyň ornuna ýarym goragçy Furkat Tursunowy, hüjümçi Mihail Titowyň ornuna goragçy Güýçmyrat Annagulyýewi goýberdi. 73-nji minutda bolsa Selim Ataýew ikinji goluň asistçisi Wezirgeldi Ylýasowy, Şamämmet Hydyrow Myrat Annaýewi çalyşdy. Ýöne geçirilen oýunçy çalşyklarynyň biri hem «Altyn asyra» arzyly ýeňşi getirip bilmedi. Tersine, 86-njy minutda «Altyn asyryň» ikinji futbolçysy ― goragçy Mekan Saparow oýundan çykaryldy. Duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

«F» toparçanyň beýleki duşuşygynda «Nasaf» «Alaýy» 4:0 hasabynda ýeňdi,

«Altyn asyr» 17-nji maý güni «Alaý» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Eshshiyev ( 16.05.2021 )

Altyn Asyr indiki oyunlara ustunlik

0