Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

23:5113.05.2021
0
5502
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gürrüňdeşligiň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda iki goňşy döwletiň tagallalary netijesinde, sebitiň we dünýäniň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilen täze ulag-energetika geçelgesiniň döredilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurtlary has-da ýakynlaşdyrar, halklaryň arasynda dostluk we doganlyk köprüsine öwrüler, olaryň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döreder, Owganystanyň halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatynyň Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda uzak möhletleýin esasda guralýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.

Prezident Mohammad Aşraf Gani owgan halkynyň adyndan türkmen Liderine doganlyk raýdaşlygy hem-de döwletiň durnukly ösmeginde uly goldawy, berýän ykdysady we ynsanperwer kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Lideriniň belleýşi ýaly, ýurtda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýulýar hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýär. Şol syýasat sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanlary däp bolan gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň we Owganystanyň toplan oňyn tejribesine daýanmak bilen, bar bolan mümkinçilikleriň köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylýandygyna ýokary baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň