AFK-nyň kubogy ― 2021: «Ahal» Bişkek şäherine bardy

00:3313.05.2021
0
6695

«Ahal» toparynyň futbolçylar we tälimçiler düzümi AFK-nyň kubogy ― 2021 halkara ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmak üçin Bişkek şäherine bardy.

Topar şäherdäki Manas halkara howa menzilinde gadyrly garşylanyldy we myhmanhana ýerleşdirildi.

«Ahalyň» yklym ýaryşynyň «E» toparçasynda Gyrgyzystanyň 12 gezek çempiony «Dordoý» we Täjigistanyň kubogynyň eýesi «Rawşan» bilen güýç synanyşar.

«Ahal», adatça, Bişkekdäki duşuşyklarda kynçylyk çekmedi. Ýöne bu ýyl milli çempionatyň heniz başlanmazlygy toparda käbir kynçylyklary ýüze çykaryp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň