Aşgabatda «Türkmen teatr sungaty» atly bäsleşik başlady

10:1612.05.2021
0
6850
Aşgabatda «Türkmen teatr sungaty» atly bäsleşik başlady

Şu gün Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda «Türkmen teatr sungaty» atly milli teatr bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy.

Bäsleşigiň maksatnamasyna ýurduň ähli teatrlarynyň toparlary gatnaşýar. Welaýatlardaky teatrlaryň sahna eserleri bolsa onlaýn görnüşinde alnyp görkeziler.

Bäsleşigiň maksatnamasy öz işine eýýäm şu gün başlaýar. Şu gün 15-den 17-ä çenli Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda «Soltan hakykaty hakda rowaýat», 19 ― 21 aralygynda bolsa Alp Arslan adyndaky döwlet drama teatrynda «Seýitnazar Seýdi» atly täze sahna eserler görkeziler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýan bäsleşik 16-njy maýa çenli teatr baýramçylygyny hödürlär. Ýurdumyzyň ähli teatrsöýüjileri bu baýramçylyga şaýat bolmak üçin çagyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň