Top.Mail.Ru

Aşgabatda "Gahrymançylyk unudylmazdyr" atly ýatlama agşamy geçirildi

10:4809.05.2021
0
6739

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýerleşýän “Rus öýünde” geçirilen “Gahrymanlyk unudylmazdyr” atly agşam Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan üç gerçegiň ýagty ýadygärligine bagyşlandy. Olar ömri Türkmenistan bilen baglanyşykly bolan şahyr Eduard Esadow, nakgaş Gennadiý Babikow we kompozitor Weli Muhadowdyr. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Binanyň birinji gatynda agşama gelenler üçin Gennadiý Fýodorowiç Babikowyň uruş ýyllyarynda döreden işleriniň sergisi guralypdyr. Nakgaş 1911-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Rannenburg (häzirki Çaplygin) şäherinde dogulýar. 1934-nji ýylyň güýzünde Babikow maşgalasy bilen Aşgabada göçüp gelýär. Bu ýerde ol akwarel suratlar we etýudlar tapgyryny döredýär. Olaryň arasynda nakgaşyň aýalynyň halan “Änew metjidi” suraty-da bar.

Beýik Watançylyk urşy başlananda, Gennadiý Fýodorowiç meýletinler hataryna ýazylýar. Aşgabadyň “ArtIst” teatrynyň aktýorlary nakgaşyň terjimehalynyň dartgynly sahypalaryndan birini -- özüniň urşa gidýändigini maşgalasyna habar beren gününi janlandyrdylar...

Bu hem hatyra agşamynyň başy boldy, agşamy “Rossotrudniçestwonyň” Türkmenistandaky wekili Ýewgeniý Beloglazow açdy.

... Gennadiý Fýodorowiç uruş ýyllary atly goşunda, Lew Mihaýlowiç Dowatoryň Aýratyn atly toparynda karta düzüjisi bolupdy. Nakgaş uruş ýyllarynda ştaba söweşjeň orden-medallaryny almaga gelen polkdaşlarynyň portretler tapgyryny döretdi.

Uruşdan soň Babikow Türkmenistana gaýdyp gelýär. 1948-nji ýylda onuň ogullarynyň biri ýer tiremesiniň pidasy bolýar. Ikinji ogly Stanislaw kakasy ýaly türkmen tebigatynyň gözelligini wasp edýän meşhur nakgaş bolup ýetişýär. Olaryň ikisi-de Çelekeni gowy görýärdiler. 1977-nji ýylyň 1-nji maýynda oglunyň tarpa-taýyn aradan çykmagy Gennadiý Fýodorowiç üçin agyr urgy boldy. Ol akwarelden daşlaşyp, uruşdan galan täsirler esasynda suratlary döretmäge başlady. 1987-nji ýyla çenli taýýarlan şahsy sergisiniň üstünde işlemek-de oňa gussasyny ýeňmäge ýardam etdi.

Nakgaş 1993-nji ýylda Aşgabatda dünýäden gaýtdy.

Soňra juwan aşgabatlylar Eduard Asadowyň “Nämälim esgeriň mazary” goşgusyny labyzly okadylar.

Esger şahyr Eduard Asadow 1923-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Mary şäherinde dünýä inýär. Alty ýyldan, kakasy dünýäden ötenden soň, ejesi oglunam alyp, Swerdlowsk şäherine göçýär. Eduard sekiz ýaşynda goşgy ýazmaga başlaýar. Mekdebi 1941-nji ýylda Moskwada tamamlaýar. Onuň mekdebi tamamlanyna bir hepde geçip-geçmänem uruş başlanýar. Ýigit deň-duşlarynyň müňlerçesi ýaly urşa meýletin gidýär. Eduard ilki minomýotda nyşana alyjy, soňra Demirgazyk Kawkaz we 4-nji Ukrain frontlarynda “Katýuşalar” batareýasynyň serkerdesiniň kömekçisi bolýar.

1944-nji ýylyň maý aýynyň 3-ünden 4-üne geçilýän gijede top okunyň bölegi ýüzüne degip, ol agyr ýaralanýar. Ol essinden aýylsa-da, ok-ýaragly ýük maşynyny artilleriýa batareýasyna çenli ýetirýär. Bu gahrymançylygy üçin gwardiýa leýtenanty Asadow Gyzyl Ýyldyz ordeni bilen sylaglanýar. Soň harby şypahanalarda uzak wagtlap bejergi alýar. Lukmanlar onuň özüni halas etseler-de, gözüni aman saklap bilmeýärler.

Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ikinji ýarymynda şöhraty ýokary derejä ýeten Eduard Asadow döredijiliginiň agramly bölegini uruşda başdan geçiren wakalaryna bagyşlaýar. Goşgularynda ýygy-ýygydan özüniň we ýoldaşlarynyň goran şäherleri -- Leningrady, Sewastopoly ýatlaýar. 1989-njy ýylda şahyra goragynda gözüni aldyran gahryman şäheriniň hormatly raýaty diýlen at berilýär. Indi Sapun dagyndaky “Sewastopolyň goragy we azat edilişi” muzeýinde Eduard Asadowa we onuň döredijiligine bagyşlanan diwarça bar.

Eduard Arkadýewiç 2004-nji ýylyň 21-nji aprelinde 80 ýaşynda dünýäden ötdi.

Agşamyň guramaçylary türkmen kompozitory Welimuhammet Muhadowy hem ýatlap çykyş etdiler. Ol 105 ýyl mundan öň, ýagny 1916-njy ýylda daýhan maşgalasynda dogulýar. On iki ýaşlarynda zehinli ýigdekçe ömrüni saz sungatyna bagyşlamagy ýüregine düwýär. 1935-36-njy ýyllarda Aşgabadyň sazçylyk mekdebinde okaýar, şondan bäş ýyl geçensoň Moskwa konserwatoriýasynyň türkmen milli studiýasynda alt we kompozisiýa ugurlaryndan bilim alýar.

1941-nji ýyldan pyýada goşunda gulluk edýär. Gaýduwsyz söweşýär we ýaralanýar. 1951-nji ýylda Moskwa konserwatoriýasyny tamamlaýar. Köp ýyl mugallymçylyk edýär. Milli kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutanlaryň biri bolan Weli Muhadowyň dördijiliginde özboluşly halk äheňleri bilen birlikde XX asyryň saz medeniýetine mahsus ýörelgeler sazlaşykly utgaşýar. Türkmenistanyň at gazanan artisti, ussat pianinoçy Wladimir Mkrtumow kompozitoryň “Improwizasiýasyny” ýerine ýetirdi.

Hatyra agşamy kompozitor Dawid Tuhmanowyň Wladimir Haritonowyň sözlerine döreden parahatlygyň, agzybirligiň we özara kömegiň şanly nusgasy bolan baýramyň sazly nyşanyna öwrülen “Ýeňiş güni” aýdymynyň köpçülikleýin ýerine ýetirlmegi bilen jemlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň