Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi hem-de raýatlaryň şu ýylyň tomus döwründäki dynç alşy üçin şert döretmek boýunça teklipleriň birnäçesini döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligini alada goýýan, adam saglygyna howp salýan koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak hem-de ählitaraplaýyn ýokary derejede taýýarlygy guramak we gözegçilikde saklamak boýunça döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary raýatlarymyzyň şu ýylyň tomus döwründe dynç alşy üçin şert döretmek, ilatyň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işleri alyp barýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, ýurdumyzyň şypahanalarynyň hem-de çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň işini guramagyň meseleleri öwrenilýär. Bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 13-nji aprelde Balkan welaýatyna iş sapary guraldy.
Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň möhleti şu ýylyň 1-nji iýuny — 15-nji sentýabry aralygy diýlip kesgitlenildi, şol aralykda myhmanhanalaryň we kottejleriň umumy meýdanynyň ýarysyny peýdalanmak teklip edilýär.
Dynç alyş möwsüminde ýüze çykýan meseleleri dessin çözmek üçin Dolandyryş merkezini döretmek, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ilatyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna guramaçylykly gelip-gitmeklerini üpjün etmek bilen bagly meseleleri öwrenmek, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň bellenen nokatlaryndan suwuň, howanyň we topragyň barlaglaryny meýilnamalaýyn geçirmek hem-de barlaglaryň netijeleri boýunça hasabatlary toparyň mejlislerinde yzygiderli diňlemek teklip edilýär.
Mundan başga-da “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökderedäki hem-de welaýatlardaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alşy 2-nji iýun — 26-njy awgust aralygy diýip kesgitlemek teklip edilýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri teklipleri milli Lideriň garamagyna hödürläp, raýatlaryň saglygyny berkitmek we olaryň kesele durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş toplumlaryny tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Koronawirusa garşy sanjym alanlar arkaýyn dynç alyp bilerler. Şeýle hem ýurdumyzyň şäherlerinde we welaýatlarynda çagalar dynç alyş merkezleri degişli derejede möwsüme taýýarlanylmalydyr. Olaryň işgärleri koronawirus ýokanjyna garşy sanjym almalydyr.
Döwlet Baştutanyň belleýşi ýaly, ähli arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmek, zerur bolan halatynda binalarda öz wagtynda abatlaýyş işlerini geçirmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Lider degişli ýolbaşçylara dynç alyş ýerlerine ulaglaryň gatnawlaryny ýola goýmagy, myhmanhanalary we çagalar sagaldyş merkezlerini azyk önümleri bilen üpjün etmegi, adamlaryň dynç alyş wagtyny gyzykly geçirmek üçin konsertleri we beýleki medeni çäreleri guramak boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň geçen ýylyň maý aýynda çäklendirilendigini ozal habar beripdik.