Arhiw

Indi ýitirilen iPhone telefonyny Google kömekçisiniň ýardamy bilen tapyp bolýar

14:2915.04.2021
0
2544
Indi ýitirilen iPhone telefonyny Google kömekçisiniň ýardamy bilen tapyp bolýar

Google Ассистент programmasynda iPhone ulanyjylaryny gyzyklandyrjak täze wezipe işe girizildi. Indi ulanyjylar iPhone telefonyny ýitiren ýagdaýlarynda sanly kömekçiniň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Munuň üçin:«Окей, Google, найди мой iPhone» diýmek ýeterlikdir.

Bu sözlerden soň smartfona ses duýduryşyny etmek buýrugy ugradylýar. Bu bolsa telefony tapmak wezipesini ýeňilleşdirýär. Şeýle amaly ýerine ýetirmek üçin Google ýörite criticalAlertSetting atly funksiýany işläp taýýarlady we Apple kompaniýasynyň makullamasyny gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň