Türkmenistan kiçi we orta telekeçiligiň wekillerini ýeňillikli karz serişdeleri bilen goldamagy dowam eder

23:5109.04.2021
0
9561

2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim ýokarlandy. Şu we beýleki makroykdysady görkezijiler barada wise-premýer G.Müşşikow şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumatlaryna laýyklykda, önümçilik geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,2 göterim artdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň we onuň gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýyna yzygiderli seljerme geçirip durmak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany dünýäde emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, gysga wagtyň içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýubileý ýylynda garaşylýan netijeleriniň düýpli seljermesini geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmen Lideri emele gelen daşarky ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzda telekeçilik işine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri kesgitledi. Ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini üpjün edip, kiçi we orta kärhanalara karz bermek maksatnamasyny giňeltmeli. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalary maliýeleşdirmegi hem gözegçilikde saklamaly.

Şonuň ýaly-da, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemeli we ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny köp çekip, bu soraglaryň üstünde tutanýerli işlemeli diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň