Soňky habarlar

Arhiw

Google Android smartfonlaryny ulanyjylary yzarlamakda aýyplanýar

17:5008.04.2021
0
5445

Google korporasiýasyna Android smartfonlarynyň ulanyjylary kanuny däl ýagdaýda üznüksiz yzarlaýandygy hakynda arz edildi. Bu barada ferra.ru habar berýär. Bu neşiriň maglumatlaryna görä, awstriýaly aktiwist hem-de kommersiýa däl None of Ýour Business guramasynyň ýolbaşçysy Maks Şrems smartfonlaryň OC Android esasynda Android Advertising Identifier(AAID) ýaly ýeketäk reklama kodlarynyň emele getirilýändigini we olaryň Apple reklama identifikatorlary bilen meňzeşdigini habar beripdir. Maks Şremsiň pikirine görä, olaryň kömegi bilen Google we beýleki üçünji tarap reklama bermegi gowulandyrmak üçin ulanyjylaryň hereketini internetiň üsti bilen yzarlap bilýärler.

Ulanyjylara bu ýagdaýy özbaşdak öçürmek başartmaýar. Kommersiýa däl None of Ýour Business guramasynyň hukukçylarynyň aýtmagyna görä, Google-iň bu hereketi cookie-faýllar hakynda Ýewropanyň kanunçylygyna garşy gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň