Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň iň owadan talyp gyzy kesgitlenildi

10:0708.03.2021
0
43315

Her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli – 2021» bäsleşiginiň jemleýji, döwlet tapgyry geçirildi.

Oňa  ýokary okuw jaýlaryndan jemi ýigrimi bir talyp gözeller gatnaşyp, olar üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Birinji şert boýunça talyp gyzlar döwrüň ösüşlerini, türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyp-başarnygyny, Hormatly Prezidentiň yglan eden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, manalogdyr sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde bäsdeş gyzlar türkmen tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler. «Talyp gözeli – 2021» bäsleşiginiň ahyrky üçünji şertinde talyp gözelleri «Hünärim bar — hormatym bar»ady bilen özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.

«Talyp gözeli – 2021» atly bäsleşiginiň ýeňijileri ýörite eminler topary tarapyndan yglan edildi. Bäsleşigiň jemlerine görä baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnäz Ataýewa mynasyp boldy. Şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Gurbanberdiýewa Merjen 1-nji orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş inistitutynyň 1-nji ýyl talyby Aýnur Kuliýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen döwlet milli dünýä diller institutynyň 2-nji ýyl talyby Şirin Döwranmyradowa dagy 2-nji orna, Türkmenistanyň Döwlet energetika inistitutynyň 1-nji ýyl talyby Gyzylgül Seýisowa, Türkmen döwlet medeniýet inistitutynyň 3-nji ýyl talyby Güljemal Amangulyýewa we S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnabat Şyhmyradowa dagy agzybirlikde 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmatbahaly sowgatlar, şeýle hem oňa işjeň gatnaşanlara höwslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň