Soňky habarlar

Arhiw

«Microsoft» şereketi täze «Mesh» platformasyny hödürledi

19:2503.03.2021
0
4030

«Microsoft»  şereketi adamlar bilen işlemeklik we aragatnaşyk gurmaklyk üçin täze platforma hödürledi.

«Mesh» diýlip atlandyrylýan täze platforma hakyky we wirtual dünýäleriň arasyndaky peýwentiň (simbiozyň) bir görnüşidir.

«Mesh» platformasy hakyky dünýäni we wirtual giňişligi birleşdirýär. Munuň  netijesinde, dürli fiziki ýerlerdäki adamlar biri-biri bilen aragatnaşyk saklap bilerler. Mundan başga hem adamlar dürli 3D obýektler bilen aragatnaşyk gurup bilerler. Fiziki jähetden başga bir ýerde bolýan adamlar awatar režiminde görkezilýär. «Microsoft»  kompaniýasy geljekde bu tehnologiýany ähli ulanyjylaryň öz durmuşdaky hakyky bolşuny görüp biler ýaly derejede çykarmagy meýilleşdirýär.

«Microsoft» şereketiniň  metbugat sekretary «Mesh» platformasynyň, diňe bir kompaniýanyň «HoloLens» garnuw (gibrid) hakykaty şlemini däl, eýsem daşarky öndürijileriň enjamlaryny hem goldajakdygyny aýtdy. Şeýle hem, «Microsoft» şereketi  üçünji tarap öndürijileri üçin platforma girmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň