«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu gün resmi web saýtynda hepdede bir gezek amala aşyryljak Aşgabat ― Türkmenabat we Türkmenabat ― Aşgabat ugurlary boýunça otly gatnawlarynyň dikeldilendigini habar berdi.
Saýtdaky maglumatda hem görkezilişi ýaly, otly Aşgabatdan Türkmenabada her hepdäniň çarşenbe güni ýola düşer. Penşenbe güni bolsa ol yzyna ― Türkmenabatdan Aşgabada ugrar.
Jemgyýet welaýatlara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň şu ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldylandygyny habar berdi.
Şeýle hem ýolagçylaryň dykgatyna biletleriň häzirki wagtda diňe kassalarda satylýandygy ýetirilýär.
Mundan ozal «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabat ― Daşoguz aralygynda ýolagçy gatnawyny dikeldendigini we paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň gaýtadan doly işläp başlandygyny habar beripdik.