Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda şäherara awtobus ugurlary bölekleýin açylýar

22:2727.02.2021
1
126811

2021-nji ýylyň mart aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de iki gezek Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawy ýola goýular. Welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhleti bolsa 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldylýar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi resmi saýtynda habar berýär.

Her bir ýolagçy ýol petegini almazdan öň, «Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda, ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasyny almaly. Şeýle-de ýolagçylarda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen topar tarapyndan «Welaýatlara gitmek üçin iş toparynyň Rugsatnamasy» bolmaly. Ýolagçylar ýazgyda duran ýerine yzyna dolanyp gaýtmagy üçin ýol petegini alýan wagty agzalan resminamalar talap edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
matrox14002 ( 28.02.2021 )

А почему только в Ташауз в в Мары что еще въезд будет закрыт((((

1