Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýol polisiýasy wideolar arkaly durmak kadalaryny bozulmasy üçin jerimeler barada duýdurýar

15:3827.02.2021
2
39708

Şu günler Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan teleradioýaýlymlarda  köçelerde we ýollarda awtoulaglaryň hereketi, pyýadalaryň we ýolagçylaryň köçe-ýol hereketine gatnaşygy, awtoulaglary niýetlenen ýerlerde goýmak bilen bagly ýatlatmalar berilýär.

Türkmenistanyň Ýol hereketiniň kadalarynyň 12.3 bendine laýyklykda, uzak wagtlap dynç almak, gijesine düşlemek we şuňa meňzeş maksatlar bilen diňe munuň üçin niýetlenen meýdançalarda ýa-da ýoluň çäginiň daşynda durmaga rugsat edilýär. Türkmenistanyň IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi tarapyndan 2020-nji ýylyň awgust aýyndan başlap alnyp barylýan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksiniň 534-nji maddasynyň 4-nji bölegi esasynda durmak we säginmek kadalaryny bozan sürüjileri foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen jogapkärçilige çekilýär. Türkmenistanyň Ýol hereketiniň kadalarynyň 12.4 bendine laýyklykda, beýleki ulaglaryň hereketine (girmegine ýa-da çykmagyna) mümkinçilik bermeýän ýa-da pyýadalaryň hereketine päsgelçilik döredýän ýerlerde säginmegiň gadagandygy sebäpli, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri bu kadalary bozan sürüjileri fotosurata düşürip, ony Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron resminama görnüşinde resmileşdirýärler. Bu resminamanyň esasynda ady agzalan Kodeksiň 214¹-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, ulag serişdeleriniň durmak we säginmek kadalarynyň bozulmagy üçin ulag serişdeleriniň eýelerine we eýelik edijilerine 100 (bir ýüz) manat jerime bellenilýär.

Ýol-ulag düzgünlerini bozan ýolagçylaryň jerimeleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» aragatnaşyk kärhanasynyň üsti bilen sürüjiniň ýaşaýan salgysyna ýollanylýar. Karary eltip berýän poçtanyň işgäri POS-terminalynyň üsti tölegi nagt däl görnüşde hem kabul edip bilýär. Töleg hakynda tassyknama elektron görnüşinde degişli edara ugradylýar.  Şeýle-de Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan bellenilen jerimeleri ýurduň dürli künjeginde hereket edýän banklaryň,  «PÝGG-niň jerimeleri» atly mobil goşundynyň üsti bilen hem töläp bolýar. Programmada sürüji we ulag barada ähli maglumatlar görkezilip, ýerine ýetirilen tölegiň kwitansiýasy mobil telefona SMS habary hökmünde gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň