Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat bilen doganlaşan şäherleriň wekilleriniň arasynda wideoduşuşyk geçiriler

10:1625.02.2021
0
1219

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz bilen doganlaşan daşary ýurt şäherleriniň ýolbaşçylarynyň we medeniýet hem-de sungat işgärleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklar geçiriler. Bu barada 24-nji fewralda geçirilen maslahatda wise-premýer M.Mämmedowa habar berdi.

Şeýle hem bu şanly senäniň hormatyna döredijilik bäsleşikleri, sergiler, gyzykly söhbetdeşlikler, sanly ulgam arkaly dürli halkara onlaýn duşuşyklary, mediamaslahatlar, sport çäreleri guralar.

Teleradioýaýlymlarda hem-de internet saýtlarynda ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän suratlary, wideosýužetleri we makalalary ýerleşdirmek, olary daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

21-nji maýda “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň telefestiwalyny jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan nyşanyň taslama görnüşleri milletiň Lideriniň garamagyna hödürlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň