Türkmenistanda BMG-niň ýene bir müdirliginiň wekilhanasy açylar

10:2720.02.2021
0
13479

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNOPS-yň Ýerine ýetiriji direktory türkmen tarapyna ýurdumyzda UNOPS-yň wekilhanasyny açmak teklibi bilen ýüz tutdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji fewralda geçirilen mejlisinde aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdylyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarydyr. Häzir Türkmenistan BMG-niň düzümleriniň 11-siniň agzasy bolup durýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň, Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň edaralary, şeýle hem Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň, Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanalary ýerleşýär.

Döwlet Baştutanynyň goldaw bermegi bilen, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli esasda, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen, BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde durmuş-ykdysady ulgam, ulag we kommunikasiýalar, lukmançylyk, daşky gurşawy goramak ugurlarynda degişli işler geçirilip, taslamalar amala aşyrylýar.

Köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etmek bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklar boýunça taslama hödürlenildi, ony BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirligi (UNOPS) bilen bilelikde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany BMG bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, sebitde we dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça Milletler Bileleşiginiň tagallalaryny jebisleşdirmäge ýardam berýän anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Milletiň Lideri ýurdumyzda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň biriniň — Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň wekilhanasyny açmak hakynda türkmen tarapynyň hödürlän taslamasyny we teklibini makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň