Soňky habarlar

Arhiw

2020-nji ýylyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ABŞ-nyň 1 million dollary gowşuryldy

23:4717.02.2021
0
6855

Bagtyýar zaman obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Türkmenistany 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwarynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, ilaty iş bilen üpjün etmek, dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen bagly görkezijiler boýunça kesgitlenilýär.

Etraba milletiň Lideriniň adyndan pul baýragyny gowşurmak dabarasy Bagtyýar zaman obasyndaky Medeniýet öýünde geçirildi.

Bu ýere ýygnananlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Bu waka mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň häkimliginde dabaraly ýygnak we baýramçylyk konserti geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň