S.A.Nyýazow adyndaky etrap – 2020-nji ýylyň iň gowy etraby diýlip yglan edildi

21:4112.02.2021
0
17429

Şu gün – 12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlan giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek maksady bilen, bu bäsleşik eýýäm birnäçe ýyldan bäri geçirilip gelinýär.
Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň