Döwletjan Ýagşymyradowyň «Bellatordaky» ilkinji garşydaşy belli boldy

03:1210.02.2021
0
62187

Başa-baş söweş sungatlary boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň «Bellatordaky» ilkinji garşydaşy mälim boldy. Biziň ildeşimiz ilkinji tutluşygyny amerikaly Kori Anderson bilen geçirer.

MMA Junkie «Bellator 256»-nyň çägindäki bu tutluşygyň şu ýylyň 9-njy aprelinde geçiriljekdigini habar berdi.

Döwletjan Ýagşymyradow (18 ― 5) ýarym agyr agramda tutluşyklary geçirýän pälwandyr. Ol «Bellator» bilen geçen ýylyň dekabr aýynda iki tutluşyklyk şertnama baglaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň