Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýetiniň BAE saparynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

21:0104.02.2021
0
6007

2-4-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BAE-niň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň (IRENA) wekilleri bilen işjeň duşuşyklary geçirdi.

2-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaidi bilen duşuşyklar geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesi kabul edildi, hususan-da: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (maýa goýum kompaniýany döretmek barada); Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmek barada); Türkmenistanda amala aşyryljak taslamalary maliýeleşdirmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Soňra, 3-nji fewralda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň Baş müdiri Françesko La Kamera bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistanyň we IRENA-nyň arasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň rejeli peýdalanylmagy, energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça özara hereketleriň giňeldilmegi ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, 4-nji fewralda türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekilleriniň şu ýylyň oktýabr aýynda açylmagy meýilleşdirilýän bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň