Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dostluk» ýatagy dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

18:4931.01.2021
0
23037

Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurtlaryň habarlar agentlikleri, dünýä belli pudaklaýyn we elektron neşirleri bu wakanyň möhüm ähmiýetini belleýärler.

«Ykdysadyýet, energetika we halkara howpsuzlygy – Bakunyň we Aşgabadyň arasynda geçirilen gepleşiklerde esasy meseleler boldy» diýip, “MIR 24” teleýaýlymy habar berýär.

“Bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýar” diýip, “Sputnik” halkara habarlar agentligi (Russiýa), «Сommonspace.eu» habarlar-analitiki web-saýty (Niderlandlar) we dünýäniň beýleki habar beriş serişdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini mysal getirýärler.

“Şu günki resminamany taryhy resminama diýip atlandyrmak isleýärin, çünki Azerbaýjan we Türkmenistan Hazar deňzinde ýatagy özleşdirmek boýunça bilelikdäki işe ilkinji gezek girişýärler. Munuň özi biziň ýurtlarymyzy we halklarymy has-da ýakynlaşdyrar hem-de uly peýda getirer” diýip, “Anadolu” iri türk habarlar agentligi Prezident I.Aliýewiň sözüni getirýär.

Şeýle hem bu neşir Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky energetika ylalaşygyny Türkiýänyň DIM-niň we Türki dilli döwletleriň geňeşiniň goldandygyny belleýär.

«Garaşylyşy ýaly, ylalaşyk Hazarüsti gazgeçirijiniň taslamasyny, Türkmenistanyň ägirt uly gaz känlerini Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirmek boýunça köpmilliardlyk meýilnamasyny amala aşyrmaga ýardam eder” diýlip, “Frans Press” agentliginiň (AFR) habarlarynda nygtalýar.

«NATO-nyň Kanada assosiasiýasynyň energetika howpsuzlygy maksatnamasynyň direktory Robert Katleriň nygtaýşy ýaly, “Dostluk” ýatagy boýunça ylalaşyk Hazarüsti gazgeçirijiniň ugrundaky “soňky böwedi aradan aýyrýär” diýip neşir belleýär. Şunda Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň 2018-nji ýylda gol çeken Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň möhüm ähmiýeti bellenilýär.

«Barron's» we «Eurasia Review» žurnallary (ABŞ), «Daily Sabah» gazeti (Türkiýe), «Macau Business» täzelikler agentligi (Hytaý), beýleki daşary ýurt habar beriş serişdeleri hem şol mowzuga ünsi çekýärler.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazardaky “Dostluk ýatagyny” bilelikde işläp taýýarlajakdygy baradaky habary, bu tema bagyşlanan makalalary we teswirlemeleri «Oil & Gas Journal», «Upstream», «Radio Free Europe», «Izwestiýa», «Nebit we Kapital», Nebitgaz habarlary agentligi, Eurasianet (ABŞ) AKIPRESS, «REGNUM», «Connaissance des Énergies», «Nouvelles d'Arménie», «Caspian News», «Emerging Europe», «CentralAsia.news», «Neftegaz.RU», «Nebitgaz wertikaly», «Işewür Gazagystan», «China Petrochemical», «International Energy Network», beýleki abraýly halkara neşirleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Norwegiýanyň we beýleki ençeme döwletleriň habar beriş serişdeleri öz saýtlarynda çap etdiler.

Azerbaýjanyň habar beriş serişdeleri bu waka uly üns berdiler. Çap edilen habarlarda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ilham Aliýewiň Ähtnama gol çekmek dabarasynda eden çykyşlary sözme söz getirilýär, bilermenleriň we syýasatşynaslaryň teswirlemeleri çap edilýär.

Hususan-da, Howyý Ýug syýasat merkeziniň (PCNS, Rabat) hem-de Fransiýanyň Halkara we strategik gatnaşyklary institutynyň (IRIS Pariž) uly ylmy işgäri Fransis Perreniň “Trend” halkara agentligine beren gürrüňinde belleýşi ýaly, gazanylan ylalaşyklar Hazar deňzinde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny işläp taýýarlamakda möhüm ädime öwrüldi.

«Ikinjiden, bu Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasyny ilerletmäge ýardam edip biler. “Dostlukdan” başga-da, gazyň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistany Azerbaýjanyň üsti bilen ýewropa bazaryna birleşdirmek şol taslamanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri bolar. Ýewropa Bileleşigi iberiljek gazyň çeşmelerini ösdürmäge çalyşýar, Hazar deňzi sebiti bolsa, şol strategiýanyň bir bölegi bolup durýar” diýip bilermen gürrüň berdi.

Umuman, dünýä metbugaty gol çekilen Ähtnamanyň möhüm halkara ähmiýeti bolan iri energetika taslamasyny amala aşyrmagyň birinji tapgyryna öwrülendigini belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň