Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topary döredildi.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Şeýle hem resminama bilen Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy, ýokarda agzalan Pudagara toparyň düzümi hem-de Düzgünnamasy tassyklanyldy.
Belläp geçsek, bu resminama Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, geljekde bu ugurda amala aşyryljak işler babatynda Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin kabul edildi.