Soňky habarlar

Arhiw

TSTB öňümizdäki bäş ýylda azyk we oba hojalyk maksatly taslamalaryň 88-sini meýilleşdirýär

23:5629.01.2021
0
6683

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilýändigini habar berdi. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilýär, degişli önümleriň möçberleri yzygiderli artdyrylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda häzirki zaman maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Şeýle hem täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.

Mundan başga-da, miweli bag nahallary ekilýär. Munuň özi ýokary hilli ir-iýmişleriň önümçiliginiň artmagyna we içerki bazarda bolçulygynyň üpjün edilmegine mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, miweçiligi ösdürmek üçin berilýän ýer bölekleriniň möçberlerini artdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa gök we miwe önümlerini ýetişdirmek üçin suw tygşytlaýjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap ýyladyşhanalar gurulýar hem-de olary saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlar işe girizilýär.

Azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksport möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milletiň Lideriniň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasyny hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini öwrenmek we ony doly kanagatlandyrmak, alyjylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň