28-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde milletiň Lideri paýtagtymyzyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetini nazara alyp, degişli ýolbaşçylara Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek boýunça çäreleri guramak barada tabşyryk berdi.
Şu maksat bilen, döwlet Baştutany Hökümet toparyny döretmegi, bu şanly senäni dabaraly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Çäreleriň meýilnamasynda «Ak şäherim Aşgabat» monumentinde toý dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulmalydyr.
Şeýle hem şäheriň seýilgählerinde baýramçylyk çärelerini guramak, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, sergileri, taryhy-rejelemek işlerini geçirmek meýilleşdirilmelidir. Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda şanly sene mynasybetli geçiriljek döredijilik bäsleşiginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Aşgabat barada wideofilmleri taýýarlamak, şäherde täze gurulýan binalary we desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bermek bilen bagly dabaralary degişli derejede geçirmeli. Dürli sport ýaryşlaryny, aýlawda at çapyşyklaryny guramaly. Aşgabadyň ýaşaýjylaryna täze iň ýokary derejeli amatlyklary bolan öýleri ulanmaga bermeli. Şol sanly senäni baýramçylyk feýerwerkini geçirmek bilen tamamlamaly diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny belläp geçmek boýunça toparyň düzümini we bu şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, ýakyn wagtda Ministrler Kabinetine seretmäge bermegi tabşyrdy.