Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda käbir awtoulag ugurlaryna üýtgeşme girizildi

19:1221.01.2021
0
20129

“Türkmenawtoulaglary” agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen,  43-nji “Parahat – Arzuw”  we 46-nji “Gurtly – Mahabat binasy” awtobus ugurlaryna käbir üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

43-nji “Parahat – Arzuw” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B.Annanow köçe – H.A.Ýasawy köçe – 3-nji Bäş ýyllyk köçe – Demirçiler köçe – G.Kulyýew köçesi bilen hereket edip “Arzuw” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna B.Annanow köçe –  Sähra köçe – Ahal-4 köçe – Gündogar köçe – Watan köçe – N.Andalyp köçe – G.Kulyýew köçe – B.Annanow köçe – Işçiler synpy köçe – 3-nji Bäş ýyllyk köçe – H.A.Ýasawy köçe – T.Suhanlyýew köçe – A.Berdiýew köçe – N.Andalyp köçe – Magtymguly şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçe – N.Andalyp köçe – Oguzhan köçe – A.Garlyýew köçe – Ýunus Emre köçe – B.Annanow köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

46-njy “Gurtly – Parahat 4” ugry boýunça awtobus “Gurtly” belleniş nokadyndan ugraýar we Ruhabat köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Taslama köçesi – Görogly köçe – Tähran köçe - Magtymguly şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçe – N.Andalyp köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçesi bilen hereket edip, “Zemin” binasyndan yzyna aýlanyp  N.Andalyp köçe – Görogly köçe – S.Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – Tähran köçe -  Görogly köçe –  Taslama köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçesi bilen hereket edip, “Gurtly” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-33-90, 44-33-91

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň