Türkmenistanyň käbir gazetlerinde baş redaktoryň orunbasary wezipesi ýapyldy

08:4015.01.2021
0
15752

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökümetiň Türkmenabat şäherinde geçirilen göçme mejliisnde «Käbir gazetleriň baş redaktorynyň orunbasary wezipesini ýapmak hakyndaky» Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu resminama köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, işlenilip taýýarlanyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmekde, baş maksady mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolan durmuş syýasatyny amala aşyrmakda, şeýle hem baý ruhy we medeni mirasymyzy öwrenmekde we giňden wagyz etmekde medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň eýeleýän aýratyn ornuny nygtady.

Şu işlerde multimediýa žurnalistikasynyň usullaryny we amallaryny, sanly tehnologiýalary işjeň peýdalanmak, şeýle hem beýleki ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen tejribe alşylmagyny giňeltmek zerur diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda anyk görkezmeler berdi.

Döwlet Baştutany hödürlenen resminama gol çekip, ýurdumyzyň žurnalistikasynyň öňünde häzirki zaman tapgyrda durýan wezipeler bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini maksadalaýyk kämilleşdirmegiň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.

Resminama laýyklykda, degişli gazetleriň baş redaktorlarynyň orunbasary wezipesi, olaryň bellenen işgär sanyny üýtgetmezden ýapyldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň Kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň