Türkmenistanda bikanun dolanyşykdaky alkogolly we temmäki önümlerini muzdsuz almagyň, peýdalanmagyň we ýok etmegiň tertibi tassyklanyldy

21:5711.01.2021
0
50943

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran 127 belgili buýrugy bilen «Bikanun dolanyşykdaky alkogolly we temmäki önümlerini muzdsuz almagyň, peýdalanmagyň we ýok etmegiň tertibi tassyklanyldy.

Bu buýruk Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 46-njy maddasynyň ikinji bölegine, “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda”Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasynyň ikinji bölegine, “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň  14-nji maddasynyň sekizinji böleginiň 1-nji bendine we on üçünji bölegine, “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynyň dokuzynjy bölegine laýyklykda, şeýle hem alkogolly we temmäki önümleriniň dolanşygyny tertipleşdirmek, sarp edijileriň hukuklaryny we saglygyny goramagy üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Ministriň buýrugy bilen bikanun dolanyşykdaky alkogolly we temmäki önümlerini muzdsuz almagyň, peýdalanmagyň we ýok etmegiň tertibi tassyklanyldy. Buýrugyň birinji böleginde görkezilen Tertibiň berjaý edilişine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Döwlet söwda gözegçiligi gullugy gözegçilik eder.

Şeýle hem bu buýruk bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2012-nji ýylyň 7-nji martynda 634 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Bikanun dolanyşykdaky alkogolly önümleri, piwony,etil spirtini, temmäkini we temmäki önümlerini muzdsuz almagyň, başga maksatlar üçin peýdalanmagyň ýa-da ýok etmegiň tertibi hakynda Gollanmany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2012-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 24 belgili buýrugy güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

Bikanun dolanyşykdaky alkogolly we temmäki önümlerini muzdsuz almagyň, peýdalanmagyň we ýok etmegiň  tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtyndaky şu salgyda doly ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň