Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaşulular köpeldilen pensiýalaryny alyp başladylar

20:0703.01.2021
0
43865

Türkmenistanyň ýaşuly nesliniň wekilleri 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 10 göterim köpeldilen pensiýa haklaryny alyp başladylar.

Türkmenistanda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny her ýyl 10 göterim köpeltmek asylly däbe öwrüldi.

Türkmenistanda ýaşulular barada edilýän alada diňe bular däl. Olaryň jemgyýetdäki mynasyp ornuny saklamagy üçin edilýän aladalary, zähmet we uruş weteranlarynyň, zenanlaryň wagtal-wagtal sylaglanyp durulmagyny hem ýokarda ýazylanlaryň üstüne goşup bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň