Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan Russiýa ýörite uçuşlaryň 2021-nji ýyldaky seneleri hem yglan edildi

20:0718.12.2020
0
60694

Geljek ýylyň 25-nji we 30-njy ýanwarynda Türkmenistandan Russiýa iki sany ýörite uçuş meýilleşdirilýär. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi A.Blohhin şu gün metbugat wekilleri üçin geçirilen onlaýn brifingde bu barada habar berdi.

«Ýörite uçuşlar täze ýylda-da dowam eder. Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen olary 25-nji we 30-njy ýanwarda amala aşyrmagy meýilleşdirdik» diýip, ilçi brifingde aýtdy.

Şeýle hem şu ýylyň 25-nji dekabrynda şeýle uçuşlary biriniň guraljakdygyny habar beripdik.

Uçuşlaryň ählisi Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menzilinden badalga alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň