Seýdiniň NGIZ-de şu ýyl 441 müň tonna nebit gaýtadan işlenildi

13:3414.12.2020
0
7710

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda şu ýylyň 11 aýynda çig malyň 441,2 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Şonuň netijesinde benziniň 224,8 müň tonnadan gowragy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 114,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle-de geçen döwürde dizel ýangyjynyň 124,2 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň 29,9 müň tonna golaýy we beýleki geçginli önümler öndürildi. Ýeri gelende, bu harytlyk önümleriň aglaba böleginiň daşary ýurtlara eksport edilýändigi bellärliklidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň