Soňky habarlar

Arhiw

Ženewada türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

15:5010.12.2020
0
4560

2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň gurnamagynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan köpçülige açyk görnüşli sergi öz işine başlady.

Bu barada neutrality.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Sergide Hormatly Prezidentimiziň kitaplary, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk döwri içinde ýurdumyzyň ykdysady we syýasy ösüşini hem-de gazananlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungatynyň eseri bolan Türkmen halylary we Türkmenistanyň taryhy ýadygärligi bolan milli şaý-seplerimiz ýerleşdirildi.

Bu sergi BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Assambleýa zalynyň giň zalynda ýerleşdirilip, bu sergä BMG-niň hünärmenleriniň we bilermenleriniň, Ženewa şäherinde ýerleşýän halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň gelip görmekleri göz öňünde tutulýar.

Sergi öz işini 2020-nji ýylyň 14-nji dekabryna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň