Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Merkezi Aziýa+Owganystan Yslam Respublikasy+Hytaý Halk Respublikasy» hyzmatdaşlygyna ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň täze tapgyryny teklip edýär

23:5509.12.2020
0
3830

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň, şol sanda Türkmenistanyň, daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde “Merkezi Aziýa+Owganystan Yslam Respublikasy+Hytaý Halk Respublikasy” hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçirildi.

Onda syýasy-diplomatik ugur boýunça hem-de söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar pandemiýa garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýeňil bolmadyk şu döwürde ýurtlar bu meseläni çözmekde raýdaşlyk bildirip, birek-birege ýardam berýärler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamak we mundan beýläk hem kämilleşdirmek, pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny tapmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen, hususan-da, goňşy döwletler bilen ýakyn gatnaşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly bolmagy, özara söwda dolanyşygynyň we üstaşyr daşamalaryň ygtybarly ulgamyny saklamak üçin degişli işleri geçirýär.

Mundan başga-da, möhüm ugur bolan ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklar bilen bagly meselelere seredildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky teklibi beýan etdi. Ol bitewi logistik merkezi döretmek, ýükleri iberýän we kabul edýän nokatlary tehnologiýa taýdan ösdürmek, ýükleriň bar bolan geçelgelerde hereket etmegi üçin bitewi töleg syýasatyny geçirmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek ýaly tekliplerden ybaratdyr.

Taraplar sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen halkara gurallaryň ilerledilmegi babatynda nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini belläp geçdiler. Bu ugurda halkara terrorçylyga netijeli garşy göreşmek global talaplaryň biri bolup durýar. Bu meseläniň çäklerinde, aýratyn hem, Owganystanda ýagdaýyň düzgünleşdirilmegine we bu ýurtda parahatçylyk döredijilikli işlere üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň