Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur Diýego Maradona aradan çykdy

22:2725.11.2020
0
4781
Meşhur Diýego Maradona aradan çykdy

Argentinanyň “Klarin” neşiriniň habaryna görä, şu gün dünýä futbol ýyldyzy Diýego Maradona 60 ýaşynda aradan çykdy.

2-nji noýabrda Maradona La Plata şäherindäki keselhana ýerleşdirildi. Lukmanyň sözlerine görä, hassahana ýerleşdirilmegi gyssagly däldi, lukmaçylyk barlagyndan geçmek Diýegonyň öz islegidi, şol döwürde onda subdural gematomanyň bardygyny ýüze çykaryldy.

Ertesi gün Maradona başga bir hassahana geçirildi we şol ýerde üstünlikli operasiýa edildi, ýöne ýüze çykan sindromy sebäpli hassahanadan çykarmak yza süýşürildi.

12-nji noýabrda Maradona keselhanadan çykaryldy. Lukmanlar operasiýany adaty diýip atlandyrdylar we oýunçynyň huşlydygyny bellediler.

"Ole" gazetiniň habaryna görä, operasiýadan soň Maradona öýünde özüni erbet duýup başlady. Lukmanlaryň tagallalaryna garamazdan, futbolçy ýürek durmasy sebäpli aradan çykdy.

Diýego Armando Maradona, FIFA-nyň resmi web sahypasynda 53,6% ses alyp, 20-nji asyryň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy.  Meşhur  “Altyn top” -yň ilkinji eýesi. “Taýms” gazeti ony dünýä çempionatynyň taryhynda iň gowy futbolçy hökmünde ykrar etdi.

Maradona dört gezek dünýä çempionatyna gatnaşdy, 1986-njy ýylda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempionatynda altyn medal gazandy we ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi, 1990-njy ýylda bolsa kümüş medal gazandy. Iki gezek Maradona dünýä çempionatynyň simwoliki toparlaryna girdi.

Görnükli futbolçynyň aradan çykmagy sebäpli Argentinada üç günlük ýas yglan edildi we UEFA şu günki Çempionlar ligasynyň oýunlarynyň Diego Maradonanyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk bilen başlajakdygyny habar berdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň