Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň demirgazygynda guruljak asman boýly binalar seýsmiki synagdan geçiriler

19:2020.11.2020
0
29313

Russiýanyň baş döwlet ekspertiza edarasy Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň döwlet ekspertizasy bölüminiň başlygy Myrat Nepesowyň aýdanlaryna esaslanyp, Aşgabadyň demirgazygynda 35 gatly binanyň guruljakdygyny habar berdi.

Bu desga we beýleki birnäçe beýik binalar paýtagtyň demirgazygynda guruljak «Aşgabat ― Siti» taslamasynyň çäginde ýerleşer. Binalaryň ygtybarlylygyny güýçlendirmek üçin gurluşyk wagtynda seýsmiki derňewler doly amala aşyrylar.

«Täze taslamalary gözden geçirenimizde, binalaryň we desgalaryň seýsmiki durnuklylygyna hemişe aýratyn üns berýäris. Biziň ýurdumyzda bu örän zerur. Bilşiňiz ýaly, 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda ozalky SSSR-iň taryhyndaky iň uly ýer titremeleriniň biri bolup geçdi. Şonda tutuş şäher diýen ýaly weýran boldy, 100 müňden gowrak adam aradan çykdy» diýip, ministrligiň wekili aýdýar.

Beýleki binagärlik taslamalary ýaly, «Aşgabat ― Sitiniň» taslamasy hem ministrligiň Döwlet ekspertizasy bölüminde synagdan geçer. Ýurduň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, binalaryň we desgalaryň ählisiniň gurluşygynda, durkuny täzelemek, düýpli abatlamak ýaly işlerde bu synagyň geçirilmegi hökmanydyr.

Russiýanyň baş döwlet ekspertizasynyň ýolbaşçysy Igor Manylow türkmen we rus hünärmenleriniň bu iş babatynda tejribe alyşmagynyň has bahbitli boljakdygyna ynanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň