Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hünärmenleri howanyň üýtgemegi boýunça halkara maslahatyna gatnaşýarlar

23:4218.11.2020
0
4570

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri 17 — 20-nji noýabr aralygynda wideoaragatnaşyk maslahaty görnüşinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň tehnologiýalar boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşýarlar.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň tehnologiýalar boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň müdiriýeti (Germaniýa, Bonn şäheri) tarapyndan guralan nobatdaky duşuşygyň maksady howanyň üýtgemegine garşy göreşde häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Merkezi Aziýa gurak howasy hem-de howanyň gyzgynlygynyň möwsümleýin we gije-gündizleýin üýtgemeleri hem-de ýagyş-ýagmyryň deňeçer bolmadyk bölünişi bilen häsiýetlendirilýär we howanyň üýtgemegine has durnuksyz sebitleriň biri bolup durýar.

Bu gün Türkmenistan sebitde möhüm orun eýelemek arkaly, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda howanyň ýagdaýyny öwrenmek boýunça halkara maksatnamalaryň birnäçesine gatnaşýar, bilelikdäki tebigaty goramak taslamalaryny durmuşa geçirýär, tokaý zolaklaryny döretmek we biodürlüligi goramak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar, munuň özi Türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän döwlet ekologiýa syýasatynyň nusgasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň