Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanda türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan surat bäsleşigi geçirildi

11:3614.11.2020
0
8106

 

«Türkmenistan we Azerbaýjan ― dostluk köprüsi» atly surat çekmek bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy. Ýakynda bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ― diýip, «Trend» habar berýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçihanasy we Azerbaýjanyň döwlet sungat akademiýasy tarapyndan geçirildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Bäsleşige 7 ― 16 ýaş aralygynda jemi 60 suratkeş gatnaşdy. Eserlerde ýaş suratkeşleriniň adamzadyň parahatçylygyny goramak baradaky pikirleri öz beýanyny tapypdyr. Şol bir wagtda türkmen we azerbaýjan halklarynyň taryhyň köklerinden gelýän dostlugy beýan edildi.

Meşhur azerbaýjan suratkeşlerinden ybarat eminler ýaş suratkeşleriň dördüsini ýeňiji diýip yglan etdiler. Şeýlelikde, birinji orna Aziz Alyýew («Dostluk»), ikinji orna Sagadat Kazymly («Türkmen gelini»), üçünji orna Ziýa Sagidow («Oguz iline salam bolsun!»), dördünj orna bolsa Narmin Alyýew («Dostluk») mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň ilçihanasynyň diplomlary we gymmatly sowgatlary gowşuryldy.

Ýaş suratkeşleriň iň gowy eserleri ýeňijileriň eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçihanasynyň binasynda görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň