Top.Mail.Ru

Berdimuhamedow Ahal welaýatynda Ýokanç keseller hassahanasyny açdy

23:2413.11.2020
0
13524

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Milli Lideriň başlangyjy bilen bu sebitiň täze edara ediş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamanyň çäklerinde bina edilen döwrebap bejeriş desgasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygyna gabatlanyp açylýan binalar tapgyrynyň üstüni ýetirdi.

Döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Ýokanç keseller hassahanasynyň täze 3 gatly binalar toplumynda ýiti respirator we angina kesellerini, ýokanç içgeçme kesellerini, sarygetirme we beýleki ýokanç keselleri bejermek üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Halkara ülňülere laýyklykda bina edilen we enjamlaşdyrylan hassahana bir wagtda 200 näsagy — ululary we çagalary bejermek üçin kabul edip biler.Bu ýerde wirus gepatiti, ýokary dem alyş agzalarynyň ýokanç keselleri, ýokanç içgeçme keselleri, howa-damja ýoly bilen geçýän aýratyn howply ýokanç keseller bölümleri hereket edýär.

Stasionar binanyň ikinji we üçünji gatlarynda ýerleşýär. Bir we iki orunlyk otaglarda ähli şertler göz öňünde tutulyp, olaryň her biri aýratyn arassaçylyk otaglary bilen üpjün edildi.

Kabul ediş bölümi 5 sany ýöriteleşdirilen otaglardan ybarat bolup, dürli ýokanç keselli näsaglary aýratynlykda kabul etmäge we ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermäge niýetlenendir.

Ýokanç keseller hassahanasynyň düzümine stasionar bölümlerden başga-da, barlaghanalar, funksional-anyklaýyş bölümi, hirurgiýa bölümi, reanimasiýa we akuşerçilik bölümi, şeýle hem fizioterapiýa we dispanser bölümleri girýär. Bölümleriň hemmesi täze lukmançylyk we tehniki enjamlar bilen, şeýle hem Germaniýada, Şwesiýada, Italiýada, Fransiýada, Ýaponiýada, ABŞ-da, Günorta Koreýada, Niderlandlarda, Çehiýada, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen lukmançylyk maksatly enjamlar bilen üpjün edilendir.

Ulular we çagalar üçin göz öňünde tutulan gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen bölüm häzirki zaman enjamlary, hususan-da, gany ekstrakorporal usulda arassalaýyş enjamy (Germaniýanyň «Fresenius Mediсal» kompaniýasynyň önümi) «Multi Filtrate PRO» enjamy, ulular we çagalar üçin Servo-I emeli dem beriş abzaly (Şwesiýanyň «Getinge Group» kompaniýasynyň önümi) we beýlekiler bilen üpjün edilendir.

Bu ýerde her bir näsag üçin respirator, monitoring ulgamy, lineomat, kislorod we wakuum ulgamlary göz öňünde tutulandyr. Ýokanç keselleriň ýokuşmak töwekgelçiligine ýol bermezlik üçin hassalar bir orunlyk otaglarda aýratyn ýerleşdirilýär. Olaryň howasy daşary çykmaýar hem-de ýörite enjamyň kömegi bilen sorulyp, hassahananyň umumy wentilýasiýa ulgamyndan aýlanyp geçýär.

Servo-I emeli dem beriş enjamy arkaly dürli ýaşdaky hassalaryň, şol sanda agramy ýetmeýän täze doglan çagalaryň dem almagy üpjün edilýär. Lukmanlaryň belleýşi ýaly, bu enjam ykjam bolmagy netijesinde, hassany giperbariki oksigenasiýa kamerasyna kynçylyksyz geçirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem bölümde elektrokardiografiýa, ultrases we rentgen barlaglaryny geçirmek üçin enjam, Germaniýanyň «Fresenius Medical» kompaniýasynyň «Multi Filtrate PRO» enjamy oturdylyp, ol ultragemofiltrasiýa usuly bilen hassany ýerinden gozgaman, onuň ganyny zyýanly maddalardan arassalamaga mümkinçilik berýär.

Ýörite monitorda temperatura, gemodinamikanyň görkezijileri — gan basyşy, ýürek urşy, dem almagyň ýygylygy hem gandaky kislorodyň derejesi bellige alynýar.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow reanimasiýa bölümleri, dessin terapiýa we operasiýa zallary üçin öňdebaryjy önüm öndüriji bolup durýan «MAQET» kompaniýasynyň enjamy bilen tanşyp, häzir dünýäde koronawirus bilen bagly bolan çylşyrymly ýagdaý zerarly dünýäniň köp ýurtlarynda wirusyň pandemiýa ösüşine taýýarlygyň görülmändigi üçin zerur bolan lukmançylyk däri-dermanlary we abzallary ýetmezçilik edýär. Şonuň üçin emele gelen ýagdaýa garamazdan, biz saglygy goraýyş işgärleriniň netijeli işlemegi üçin zerur bolan zatlar bilen lukmançylyk edaralarynyň üpjünçiligine aýratyn üns bereris diýip belledi.

Bu hassahananyň ýokanç keselleri bejermäge ýöriteleşdirilendigine garamazdan, zerur ýagdaýda bu ýerde ýokary derejeli hirurgiýa kömegini bermek hem-de näsaglary başga hassahanalara geçirmezden, zerur operasiýalary geçirmek üçin ähli şertler döredilendir.

Operasiýa otagynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze lukmançylyk tehnikalary  çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär. Olaryň hatarynda «Flow C» enjamy ýadroly tehnologiýalaryň täze nesli bolup, emeli dem beriş enjamyna bolan zerurlygy peseldýär.

Serwogazyň modullary dem alyş ulgamy boýunça gaz garyndysynyň akymynyň basyşyny we tizligini kadalaşdyrýar. Elektron sançgylary bolan bugsuzlandyryjylar anestetikleriň tiz we takyk ýetirilmegini üpjün edýär. Bulardan başga-da, enjam işjeň antigipoksik goragyna eýe bolup, howpuň dörän ýagdaýynda kislorod abzaly işjeň ýagdaýa geçýär. Şeýle hem operasiýa stoly hassalar üçin ýylylygy kadalaşdyrýan düşek bilen üpjün edilipdir.

«Olimpus» ýapon kompaniýasynyň laparoskopy garyn boşlugyndaky we döş kapasasyndaky beden agzalarynda az şikesli dürli operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem bu ýerde «Call Vision ORC-kol wizen ORS-i» stansiýasy oturdylyp, ol operasiýanyň barşyna, wagtyna, dowamlylygyna hem-de otagyň temperaturasyna gözegçilik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň