Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilkinji milli onlaýn messenjer programmasy işläp başlar

23:3712.11.2020
0
14444

12-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow milletiň Liderine täze milli elektron poçtasyny we messenjer programmasyny işe girizmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Wise-premýer “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan täzedöwrebap milli elektron poçtasyny döretmek üçin programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanylandygyny we ony synagdan geçirýändiklerini aýtdy. Bu programma çözgüdi poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän moduly öz içine alýar.

Sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Diýarymyzda ilkinji milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamynyň--messenjer programmasyny we mobil goşundysyny döretdiler.

Internet ulgamy arkaly bu ykjam programma üpjünçiliginiň üsti bilen onlaýn görnüşde hat-habarlary alyşmaga, toparlaýyn söhbetdeşlikleri guramaga, sesli we wideojaňlaryny amala aşyrmaga, dürli görnüşdäki elektron faýllary ugratmaga hem-de kabul etmäge mümkinçilik emele gelýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze milli elektron poçtasyny we messenjer programmasyny herekete girizmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň