Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen pasportynyň güýji barha ýokarlanýar

11:4109.11.2020
3
89497

Türkmenistan, “Henley & Partners” tarapyndan düzülen dünýä pasportlarynyň sanawynda öz ornuny ýokarlandyrdy. 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde türkmen pasporty üç basgançak ýokary galdy we 87-nji orny eýeledi (2019-njy ýylda 90-njy ýerdedi).

Bu  sanawa görä pasportyň “güýji”,  pasport eýesiniň wizasyz girip biljek ýa-da giriş üçin wiza alyp biljek döwletleriň sany bilen ölçelýär.

Türkmenistanyň raýatlary dünýäniň 53 döwletinde wizasyz syýahat edip bilerler ýa-da şol ýerden wiza alyp bilerler.

Dünýädäki iň güýçli pasport Ýaponiýanyň raýatlaryna degişlidir. Günüň dogýan ýurdunyň ýaşaýjylary wizasyz dünýäniň 191 ýurduna baryp bilerler. Ikinji orunda Singapur pasporty (190 ýurt) bar.

Üçünji orunda Günorta Koreýa we Germaniýa bar (189). Owganystan sanawyň aşagynda bolup: bu pasport bilen planetanyň 26 ýurduna wizasyz syýahat edip bilersiňiz.

“Henley & Partners” Halkara maslahat beriş kompaniýasy, maýa goýumlary arkaly raýatlyk we ýaşamak üçin rugsatnamalary bermek üçin hökümet meýilnamalaryny işläp düzmekde tanymaldyr.

Şeýle hem bu ugurdaky şahslara hyzmatlar bermek bilen bu kompaniýa, Halkara howa ulaglary birleşigi bilen wiza çäklendirme indeksini döretmek bilen tanalýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
mak ( 09.11.2020 )

Опубликуйте эти страны! Если они есть.

14
resuldovlet0494 ( 10.11.2020 )

https://turkmenportal.com/compositions/973

8