Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow serhetçiler bilen duşuşdy

23:4206.11.2020
0
8956

Türkmenistanyň Prezidenti 6-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Bagabat» şypahanasynyň  açylyş dabarasyndan soň, bu şypahana barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän barlag-geçiriş nokadynyň ýanynda saklandy.

Hormatly Prezident bu ýerde gulluk edýän harby gullukçylaryň gulluk, hem-de olar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Barlag-geçiriş nokadynyň serkerdesi döwlet Baştutanyna gulluk ýagdaýlary we serhet ýakalarynyň häzirki ýagdaýy, bu künjegiň asudalygy hem-de abadançylygy barada hasabat berdi.

Ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň goranmak häsiýetli Harby doktrinasyndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýokary derejeli gulluk etmegi, amatly ýaşamagy hem-de dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezident şol bir wagtyň özünde şahsy düzümleriň harby gullugy bilen bir hatarda, degişli harby gullukçylaryň hünär eýeleri bolmagy üçin zerur tagallalaryň edilýändigini belläp, bu çäreleriň watansöýüjilik we zähmetsöýerlik ýörelgeleriniň ösdürilmeginde, häzirki zaman harby hünärleriň ele alynmagynda aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Bu gün ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny özleşdirmek, degişli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda wajypdyr.

Harby gullukçylar ýokary derejede gulluk etmek, amatly dynç almak babatda döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanyna alkyş sözlerini aýtdylar hem-de öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine, Watanyň her daban ýerini gözleriniň göreji deý gorajakdyklaryna kasam etdiler.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow olara alyp barýan mukaddes gulluklarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmaklaryny, Watanymyza wepaly gulluk etmeklerini arzuw etdi.

Şeýle hem milli Lider Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklarynyň bardygyny aýdyp, dag derelerinden, jülgelerden gelýän çeşme suwlarynyň netijeli ulanylmagy, bagy-bossanlyga bürenmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň