Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada okaýan türkmenistanly talyplar donor ganyny tabşyrdylar

12:1704.11.2020
0
13490

Mordowiýada okaýan türkmenistanly talyplar owganystanly, hindistanly, gyrgyzystanly, peruly talyplar we talyp toparlary bilen bilelikde Halk bitewiliginiň gününe bagyşlanan aksiýa gatnaşdylar we respublikan gan guýuş stansiýasynda gan tabşyrdylar.

Aksiýa 2020-nji ýylda Prezident grantlarynyň gaznasynyň ýörite geçiren bäsleşiginde ýeňiji bolan «Donor13» taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Taslamanyň maksady donorçylyk hereketini giňden ýaýratmakdan we oňa hemişelik donorlary çekmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň