“iPhone” we “iPad” girdejisini artdyrdy

11:2631.10.2020
0
557

“Apple” kompaniýasy şu ýylyň iýul-sentýabr aýlaryny öz içinä alýan döwürdäki girdejisi barada maglumat berdi. Degişli döwürde kompaniýa 64,7 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Mundan ozalky çärýekde amerikan brendiniň girdejisi 64 milliard dollar bolan eken. Kompaniýa girdejisiniň 26,44 milliard dollaryny “iPhone” satuwyndan gazanypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20,7 göterim pes diýmegi aňladýar. Geçen ýylyň iýul-sentýabr aýlarynda kompaniýa “iPhone” satuwyndan 33,36 milliard dollar gazanypdyr. Tehnologiýa ägirdi degişli döwürde serwis hyzmatlaryndan 14,5 milliard dollar gazanypdyr. Geçen ýyl bu görkeziji 12,5 milliard bolan eken. Kompaniýa dakynylýan enjamlar, öý we aksesuarlardan alynýan girdejisini hem artdyrypdyr. Hasabat döwründe şeýle harytlardan 7,8 milliard dollar gazanan kompaniýa geçen ýyl 6,5 milliard girdeji alan eken. “Apple” “iPad” satuwyny hem görnetin ýokarlandyryp, 23,72 milliard dollar gazanypdyr. Golaýda “iPhone 12” seriýasyny satuwa  çykaran kompaniýanyň girdejisiniň ýylyň soňky çärýeginde artmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň