Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Jahan» döredijilik merkezi açyldy

23:4430.10.2020
0
14536

30-njy oktýabrda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça paýtagtyň owadan merkezinde «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Bu desga «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi.

Döredijilik merkezinde sport ulgamyna degişli aýratyn desganyň bina edilmegi ýurtda sportuň hemişe okuw hem-de kämilleşmek, dynç almak we saglygyňy dikeltmek, işe bolan ukyp-başarnygyňy açmak bilen utgaşdyrylýandygyna nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.

Merkeziň ses ýazgylar studiýasy dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde täzeçil usullar we sanly ulgam bilen üpjün edilen enjamlaryň kömegi arkaly dürli ýazgylary ýerine ýetirmek bolýar. Şeýle hem merkezde çagalaryň hor toparynyň otagy, wokal-instrumental saz otagy, şonuň ýaly-da çeper-tikinçilik otagy bilen tanyşdylar.

Döredijilik merkezini gurmak üçin 5 gektara golaý meýdan bölünip berildi. Şunda 28 müň inedördül metrden gowrak meýdan abadanlaşdyryldy, şeýle hem şol çäkde sport meýdançasy, ýapyk we açyk awtoduralgalar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, «Jahan» döredijilik merkeziniň golaýynda ýapyk awtobus duralgasy guruldy.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň